Philips Firmasy 6 Müň Adamy Işden Çykarar

Merkezi Gollandiýada ýerleşýän elektronika firmasy “Philips” firmanyn zyýan çekýändigi sebäpli çykdajylaryň azaldylmagy üçin dünýäde 6 müň adamy işden çykarjakdygyny habar berdi.

1939497
Philips Firmasy 6 Müň Adamy Işden Çykarar

“Philipsden” 2022-nji ýylyň jemleri boýunça berilen beýannamada, satuwlaryň aşaklandygy we firmanyn 1,6 milliard dollar zyýan çekendigi habar berildi.

Beýannamada, firmanyn 2023-nji ýylda dünýäde 6 müň adamy işden çykarjakdygy mälim edildi.

Şonuň 1,100 sanysynyň Gollandiýanyň paýtagt Amsterdamda we Eindhowen şäherinden çykaryljakdyg habar berildi.

Dünýäde 80 müň işgäri bolan firma, geçen ýylyň oktýabr aýynda-da çykdajylaryň azaldylmagy üçin 4 müň adamy işden çykarypdy.



Degişli Habarlar