THÝ ýylyň ilkinji 10 aýynda 60,5 million ýolagça hyzmat berdi
Türk Howa ýollary kärhanasy ýylyň ilkinji 10 aýynda 60,5 million ýolagça hyzmat berdi
1904403
THÝ-nyň oktýabr aýyna degişli howa hereketiniň netijelerini Köpçülikleýin maglumat platformasynda aýan etdi.
Oktýabr aýyndaky teklip edilen orun göwrümini, koronawirus epidemiýasyndan ozalky döwri aňladýan 2019-njy ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende 8 göterim artdyran THÝ, 85,2 göterimlik dolulyk görkezijisi bilen 6,6 million ýolagça hyzmat berdi.
Geçen aýyň gutarnykly netijesiniň aýan edilmegi bilen bolsa THÝ-nyň ýylyň ilkinji 10 aýynda hyzmat beren ýolagçylarynyň sany 60,5 million adama ýetdi.
Degişli Habarlar
Ter Gök we Bakja Önümleriniň Eksporty Artýar
Türkiýe aprel aýynda 211,494 000 dollarlyk ter miwe we bakja önümlerini eksport etdi.