Türkiýäniň tekstil önümleriniň eksportynda rekord derejä ýetildi

Türkiýäniň tekstil we çig mal pudagy, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda 6,1 milliard dollar bilen rekord derejede eksport amala aşyrdy

1867628
Türkiýäniň tekstil önümleriniň eksportynda rekord derejä ýetildi

Türkiýäniň tekstil we çig mal pudagy, 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 9,5 göterimlik artyş bilen 6 milliard 119 million dollarlyk eksport amala aşyrdy. Şeýlelik bilen tekstil we çig mal pudagy ähli wagtlaryň iň ýokary ýanwar-iýul aýlary eksportyny ýerine ýetirdi. 

Türkiýäniň tekstil we çig mal pudagynda geçen aý iň köp daşary söwda amala aşyrylan ýurtlaryň sanawynda 57 million dollar bilen Italiýa birinji oruny eýeledi. Italiýadan soň 43,8 million dollar bilen Russiýa we 39,5 million dollar bilen Belarussiýa geldi. 

Şu ýylyň ilkinji 7 aýynda bolsa pudak, Italiýa 635 million dollarlyk, ABŞ-na 340 million dollarlyk we Ispaniýa 323 million dollarlyk daşary söwda ýerine ýetirildi. 



Degişli Habarlar