TANAP-dan 29,7 milliard kub metr tebigy gaz akdyryldy

TANAP tebigy gaz geçiriji turba taslamasyndan akdyrylan tebigy gazyň mukdary, TAP  tebigy gaz geçiriji turba taslamasy bilen birlikde 29,7 milliard kub metre ýetdi

1841820
TANAP-dan 29,7 milliard kub metr tebigy gaz akdyryldy

BOTAŞ kärhanasy tarapyndan Twitterden berilen beýanatda, Türkiýe-Azerbaýjan doganlygynyň Anadoly topraklaryna goýulan goluň mysaly bolan TANAP taslamasyna 4 ýyl bolandygy habar berildi. 

Beýanatda: "2018-nji ýylyň 12-nji iýunyndan başlap akdyrylmaga başlanan tebigy gazyň mukdary 29,7 milliard kub metre ýetdi" diýip mälim edildi. 

TANAP taslamasyndan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa ýyllyk tebigy gaz eksportyň mukdary 10,5 milliard kub metre çykaryldy we iki liniýanyň tebigy gaz daşamak göwrümi "Platon döwri" diýip atlandyrylýan 16,2 milliard kub metre ýetirildi. 


Etiketkalar: #tebigy gaz , #taslama , #TAP , #TANAP

Degişli Habarlar