TOGG ýylyň ahyrynda öndürilmäge başlanar

Türkiýäniň ýerli we milli awtoulagy TOGG-yň şu ýylyň ahyrynda öndürilmäge başlanjakdygy mälim edildi

1799968
TOGG ýylyň ahyrynda öndürilmäge başlanar

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministriniň orunbasary Mehmet Fatih Kajyr, TOGG-yň täze aýratynlyklarynyň sosial media hasapdan paýlaşylmagy bilen bagly metbugata beýanat berdi. 

Kajyr: "Milletimiziň ýakyndan gyzyklanýan we sabyrsyzlyk bilen garaşýan Türkiýäniň awtoulag taslamasy biziň häzirki wagtda güntertibimizde. Şu ýylyň ahyrynda Türkiýäniň awtoulagy TOGG öndürilmäge başlanar" diýip habar berdi. 

Kajyr: "Soňky günlerde sosial mediada -40 gradus sowukda, garly we buzly howa şertlerinde geçirilen synaglaryň wideolaryna uly gyzyklanma bildirildi. Şol synaglaryň ählisini TOGG üstünlik bilen geçdi" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar