Ruhsar Pekjan ÝB-niň Ykdysadyýet komissary bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Ykdysadyýet komissary Paolo Džentiloni bilen duşuşyk geçirdi

1606711
Ruhsar Pekjan ÝB-niň Ykdysadyýet komissary bilen duşuşyk geçirdi
Ruhsar Pekcan-Paolo Gentiloni.jpg
ruhsar pekcan.jpg

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Paolo Džentiloni bilen ÝB Maslahatyndan ozal wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirendiklerini habar berdi. 

Ministr Ruhsar Pekjan, duşuşykda, ikitaraplaýyn ykdysadyýet we söwda gatnaşyklaryny, Türkiýe-ÝB Položitel güntertibini, Gümrük Bileleşiginiň täzelenmegini, Ýaşyl memorandum we gümrük hyzmatdaşlygy ýaly meseleleri maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Ruhsar Pekjan: "Hormatly Paolo Džentiloni bilen gümrük işleriniň sanlylaşdyrylmagy, ygtyýarlandyrylan jogapkärçilikleriň ikitaraplaýyn häsýetde ykrar edilmegi bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi we has ýakyn dialogyň ýola goýulmagy üçin ylalaşyga geldik. Bu netijeli duşuşyk üçin özüne minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar