Pekjan: "Ähli wagtlaryň ýanwar aýlarynyň iň ýokary eksportyny amala aşyrdyk"

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, ähli wagtlaryň ýanwar aýlarynyň iň ýokary eksportyny amala aşyrandyklaryny habar berdi

1575872
Pekjan: "Ähli wagtlaryň ýanwar aýlarynyň iň ýokary eksportyny amala aşyrdyk"

2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň eksport görkezijilerini aýan eden Söwda ministri Ruhsar Pekjan: "Ýanwar aýynda eksportymyz geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2,5 göterimlik artyş bilen 15 milliard 48 million dollara ýetdi" diýip belläp, ähli wagtlaryň ýanwar aýlarynyň iň ýokary eksportyny amala aşyrandyklaryny mälim etdi. 

Ruhsar Pekjan: "Ýanwar aýynyň eksport görkezijilerini, global ykdysadyýetde dowam eden nabellilik gurşawy, koronawirus epidemiýasynda 2-nji tolkun sebäpli söwda hyzmatdaşlarymyzda ýola goýulan çäklendirmeler, tabşyryk etabyndaky gijikdirmeler, logistika çykdajylaryndaky artyşlar ýaly sebäplere garamazdan möhüm we üstünlikli netije hökmünde garaýarys" diýip habar berdi. 

Ministr Ruhsar Pekjan, eksportyň importa bolan gatnaşygy bolsa ýanwar aýynda geçen ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende 6,5 göterimlik artyş bilen 83 göterime, altyndan daşary bolsa 87 göterime ýetdi. 



Degişli Habarlar