Türkiýede işsizlik derejesi azaldy

Türkiýäniň Hasabat guramasy, 2020-nji ýylyň oktýabr aýy bilen bagly görkezijileri aýan etdi

1561273
Türkiýede işsizlik derejesi azaldy

Türkiýede işsizlik derejesi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda 2019-njy ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 0,7 göterim peseliş bilen 12,7 göterime çenli azaldy. 

Türkiýäniň Hasabat guramasy, 2020-nji ýylyň oktýabr aýy bilen bagly görkezijileri aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda Türkiýede 15 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan işsiz adamlaryň sany, 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda 2019-njy ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 391 müň adam azalyp, 4 million 5 müň adam hökmünde hasaba alyndy. Şol wagt aralygynda işsizlik derejesi 0,7 göterim peselip, 12,7 göterime çenli azaldy. 

Oba-hojalykdan daşary bolan pudaklaryň işsizlik derejesi 0,9 göterim azalyş bilen 14,8 göterim hökmünde hasaplandy. 

Ady agzalan döwür aralygynda 15-24 ýaş aralygyndaky bolan toparyň işsizlik derejesi 0,4 göterim azalyp, 24,9 göterim boldy. Işsizlik derejesi 15-64 ýaş aralygynda bolsa 0,7 göterim azalyp, 13 göterim hökmünde kesgitlendi. 



Degişli Habarlar