Türkiýäniň we Beýik Britaniýanyň arasynda Erkin Söwda Ylalaşygy baglaşyldy

Türkiýe bilen Beýik Britaniýa Erkin Söwda Ylalaşygyna gol çekişdiler

1554150
Türkiýäniň we Beýik Britaniýanyň arasynda Erkin Söwda Ylalaşygy baglaşyldy

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, gol çekişlik dabarasyna göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp: "Şu gün Türkiýe-Beýik Britaniýa gatnaşyklary taýdan möhüm we taryhy bir gündür" diýip belledi. 

Erkin Söwda Ylalaşygynyň, öňümizdäki döwürde Türkiýe bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň iň uly kepilligidigini aýdan Pekjan: "Erkin Söwda Ylalaşygy bilen aramyzdaky söwda gurluşy bilen bagly hiç hili näbellilik galmaz. Söwda gatnaşyklarymyzyň has hem özgerjekdigine ynanýaryn. Erkin Söwda Ylalaşygy Gümrük Bileleşiginiň 25 ýylda ýetilen sepgidi gorady, şu gün bolsa gatnaşyklarymyzy has hem berkitmek üçin ädim edýäris" diýip habar berdi. 

Söwda ministri Ruhsar Pekjan, taraplar hökmünde tarifsiz Erkin Söwda Ylalaşygyny maksat edinendiklerini we ony amala aşyrandyklaryny belläp, ylalaşygyň ähli senagat we oba-hojalyk önümlerini öz içine alýandygyny mälim etdi. 

Pekjan Erkin Söwda Ylalaşygynyň 1-nji ýanwardan başlap güýje girjekdigini we wagtyň boşuna ýitmejekdigini nygtap: "Ylalaşyk bolmadyk bolsady, Beýik Britaniýa bilen edýän eksportymyzyň takmynan 75 göterimi salgyda giderdi we takmynan 2,4 million dollara çenli ýetjek zyýanymyz bolardy. Şol howp şu ylalaşyk bilen ortadan aýryldy. Erkin Söwda Ylalaşygy Türkiýe we Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyk taýdan täze we örän möhüm göçümdi. Ylalaşyk, häzirki söwda we ykdysady gatnaşyklarymyzyň çäginde goralmagy we özgerdilmegi taýdan hökümetlerimiziň arasyndaky umumy düşünjäniň we ygtyýaryň bir netijesidir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar