Ruhsar Pekjan Türkiýeden Hytaýa giden eksport otlusy barada beýanat berdi

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Türkiýede öndürilen önümleri demir ýolunyň üsti bilen Hytaýa 13 günde ýetirilmeginiň şatlygyny we buýsanjyny başlaryndan geçirýändiklerini habar berdi

1550473
Ruhsar Pekjan Türkiýeden Hytaýa giden eksport otlusy barada beýanat berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Stambuldan başlan ýolagçylygyny Hytaýyň Şian şäherinde tamamlan, ilkinji eksport otlusynyň garşylamak dabarasyna wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Ruhsar Pekjan, Türkiýeden ýola çykyp, Gruziýa, Azerbaýjan, Hazar deňizi we Gazagystan ýaly ýurtlaryň üsti bilen  takmynan 8 müň 700 kilometrlik ýol geçen eksport otulsynyň, Türkiýeden Uzak Gündogar Aziýa ýerine ýetiriljek demir ýol logistikasy taýdan möhüm bir başlangyç emele getirendigini habar berdi. 

Pekjan, mundan soň hem dowam etjek otly saparlarynyň Türkiýäniň eksportyna bolşy ýaly, Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda  gatnaşyklaryna we hatda global söwda hem goşant goşmagyny umyt edýändigini belledi.

Pekjan, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda bir köpri aýratynlygyna eýe bolan Türkiýäniň, logstika we ýük daşamak taýdan strategik ähmiýete eýedigini belläp, şol çäkde Nesil we Ýol taslamasyny Türkiýäniň teoriki artykmaçlygyny we aýratynlyklaryny tejribe taýdan peýda öwürjek iň möhüm taslamalaryň biri hökmünde garaýandyklaryny habar berdi. 

Ruhsar Pekjan, esasan hem Hytaý bilen aragatnaşykda möhüm geçelge bolan Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly bilen bagly işlerede aýratyn ähmiýet we goldaw berýändiklerini mälim etdi. 

Taryhy bir otly saparynyň üstünlikli tamamlanmagyna şaýat bolandyklaryny aýdan Pekjan: "Türkiýede öndürilen önümleriň taryhy Ýüpek ýolunyň üsti bilen, demir ýoly arkaly dünýäniň iň uly bazarlarynyň biri bolan Hytaýa 13 günde ýetmeginiň şatlygyny we buýsanjyny başymyzdan geçirýäris. Bular ýaly otly saparlarymyz artar we dowamly häsýete öwrüler" diýip nytady. 


Etiketkalar: #otly , #Hytaý , #Ruhsar Pekjan

Degişli Habarlar