Bagdat-Mosul Demir Ýoly Türkiýä Çenli Geler

Bagdady Mosul bilen birleşdirýän demir ýolynyň Türkiýä çenli uzadylmagy taslamasynyň birinji tapgyry durmuşa geçirilmäge başlandy

1548860
Bagdat-Mosul Demir Ýoly Türkiýä Çenli Geler

 

Yragyň Transport ministri Nasyr Bender, paýtagt Bagdady Mosul şäheri bilen birleşdirýän demir ýolynyň Türkiýä çenli uzadylmagy taslamasynyň başlandygyny habar berdi.

Yragyň INA habarlar gullugyna beýanat beren ministr Bender, Bagdady Mosul bilen birleşdirýän demir ýolynyň Türkiýä çenli uzadylmagy taslamasynyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmäge başlandygyny belledi.

Mosulyň welaýat häkimi Al Juburi, 20-njy sentýabrda beren beýannamasynda, Mosul welaýatyndan Türkiýä çenli döwrebap demir ýolynyň guruljakdygyny aýdypdy.

Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda we halkara geçişler üçin umuman Habur-Ibrahim Halil gümrük geçelgesi ulanylýar.

 


Etiketkalar: #Bagdat , #Mosul , #Yrak , #demir ýoly

Degişli Habarlar