Oktýabr aýynda Türkiýeden Ýewropa geçen ýük ulaglarynyň sanynda rekord goýuldy

Söwda ministri Ruhsar Pekjan oktýabr aýynda Türkiýeden Ýewropa geçen ýük ulaglarynyň sanynda rekord derejä ýetilendigini habar berdi

1521841
Oktýabr aýynda Türkiýeden Ýewropa geçen ýük ulaglarynyň sanynda rekord goýuldy

 

Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, söwda gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegi maksady bilen ýük ulaglarynyň geçişleriniň has çalt we has netijeli bolmagy maksady bilen gören çäreler, ýerine ýetiren modernizasiýa işler, fiziki we ulgamlaýyn düzgünelşdirmeler we Bir duralga ulgamy bilen gümrük geçelgelerinde nobatlaryň öňüne geçilendigini mälim etdi. 

Soňky hepdelerde eksportdaky ösüşiň Hapykule, Hamzabeýli we Ipsala gümrük geçelgelerinde ýük ulaglary bilen bagly işlerede täsir ýetirendigini aýdan Pekjan: "Şol çäkde oktýabr aýynda ýurdumyzyň Ýewropa açylan gümrük geçelgelerinden Kapykulede 70 müň 694, Hamzabeýlide 26 müň 74, Ipsalada 8 müň 700 bolmak bilen jemi giriş-çykyşymyz 100 müň ýük ulagyndan geçdi we ähli wagtlaryň rekordy goýuldy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar