Türkiýe arassa energiýada Ýewopada 7-nji orny eýeledi

Ýewropada 1-nji orny Britaniýa eýeleýär

1416822
Türkiýe arassa energiýada Ýewopada 7-nji orny eýeledi

Türkiýe arassa energetika pudagynda 19 sany gönüden maýa goýum taslamasy bilen “Gaýtadan işlenip bilinýän energiýada iň köp daşary ýurt maýasyny özüne çeken ýurtlaryň” sanawynda Ýewropada 7-nji orny eýeledi.

“Finansal Taýms” gazetinde çap edilen we global derejeli daşary ýurt maýa goýumlary bilen gyzyklanyp, maýadarlara aktual maglumat berýän “Di Magazine” “2020-nji ýylda Ýewropada Gaýtadan İşlenýän Energiýa Maýa Goýum Sebitleri” barlagynyň netijesini çap etdi.

Şuňa laýyklykda arassa energiýa pudagyndaky öňbaşçy ýurtlar daşary ýurt maýa goýum taslamalarynyň sany we ilatyna görä arassa energiýa maýa goýumlary ýaly iki ugurda seljerdi.

Ýewropada 2016-2019-njy ýyllarda gaýtadan işlenýän energiýa pudagyndaky gönüden maýa goýum görkezijilerini analiz edýän barlagda degişli döwürde azyndan 5 daşary ýurt maýa goýum taslamany alan ýurtlar seljerildi.

Türkiýe gaýtadan işlenýäň energiýa pudagynda 19 sany gönüden daşary ýurt maýa goýum taslamasy bilen 20 ýurduň degişli bolan sanawynda 7-nji orny eýeledi.

Britaniýa bolsa arassa energiýada daşary ýurt maýa goýumynda Ýewropada birinji orny eýeledi.

Britaniýadan soň Ispaniýa we Fransiýa durýar.



Degişli Habarlar