Türk Geňeşine agza ýurtlaryň arasynda milli pul birlikleri bilen söwda edilmek meýilleşdirilýär
Türk Geňeşine agza ýurtlaryň arasynda milli pul birlikleri bilen söwdanyň ýaýbaňladyrylmagy bilen işewür dünýäniň daşary ýurt walýuta tapmak kynçylygynyň öňüniň alynjakdygy mälim edildi
Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Türk Geňeşine agza ýurtlaryň ykdysadyýet, söwda we gümrük ministrleri bilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi.
Ministr Ruhsar Pekjan, geçirilen maslahatda Türk Geňeşine agza ýurtlaryň arasynda milli pul birlikleri bilen söwdanyň ýaýbaňladyrylmagy bilen işewür dünýäniň daşary ýurt walýutasyny tapma kynçylygynyň öňüniň alynjakdygy habar berdi.
Ruhsar Pekjan, Türk Geňeşine agza ýurtlaryň koronawirus etabynda daşary söwdada demir ýollaryň has täsirli ulanylmagy üçin bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny habar berdi.
Pekjan: "Türk Geňeşine agza ýurtlar hökmünde öňümizdäki döwürde ikitaraplaýyn we sebitleýin söwda, maýa goýum we elektron söwda ylalaşyklaryna ähmiýet bermelidiris" diýip nygtady.
Degişli Habarlar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Polşa tabşyryldy