Nebitiň nyrhy arzanlamaga dowam edýär

Brent nebitiniň barreli halkara bazarlarynda 33,97 dollardan satylýar

1377688
Nebitiň nyrhy arzanlamaga dowam edýär

Hytaýda ýüze çykan we gysga möhletde bütin dünýä ýaýran koronawirus epidemiýasy global ykdysady ösüşe we nebit bolan islege ýaramaz täsir ýetirýän bolsa, nyrhlaryň aşaklamagy üçin basyş emele getirýär.

Aýratynam Russiýanyň, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň aprel aýyndan başlap nebit önümçilik derejelerini ýokarlandyrmagy meýilleşdirmegi nebit bazarynda islegden artyk önümiň ýüze çykma howpyny güýçlendirip, nyrhyň soňky 4 ýylyň iň aşak çägine düşmegine sebäp bolýar.

Brent nebitinde tehniki taýdan 34,12-34,82 dollar aralygynyň garşylyk, 33,41-32,70 dollar aralygynyň bolsa goldaw çägi hökmünde seljerilip bilinjekdigi beýan edilýär.



Degişli Habarlar