“Khodro Company” Wanda awtoulag zawoduny açar

Erýranyň awtoulag kompaniýasy “Khodro Jompany” Türkiýäniň Wan welaýatynda zawod açmak barada karara geldi

1298573
“Khodro Company” Wanda awtoulag zawoduny açar
van organize sanayi.jpg

Birnäçe wagt ozal wekiliýet bilen Wana gelen Ýakyn Gündogaryň esasy ulag öndürijisi bolan firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Farşad Mogimi, gubenator we elaýat häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Mehmet Emin Bilmez, Guramaçylykly senagat zolagynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Mehmet Aslan, Söwda we senagat palatasynyň Başlygy Nejdet Takwa we Gündogar Anadoly Galkynyş Gullugynyň baş Sekretary Halil İbrahim hem-de şäherdäki işewürler bilen duşuşdy.

Soň Mogiminiň “Wanda awtoulag zawoduny gurmak barada karara gelendiklerini” aýtmagy şäherde uly tolgunma emele getirdi.

Wanyň gurmaçylykly senagat zolagynda beriljek 50 gekdarlyk meýdana gurulmagy meýilleşdirilýän zawodda ilkinji tapgyrda müňe golaý adamyň iş bilen üpjün edilmegine garaşylýar.

Gubenator we elaýat häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Mehmet Emin Bilmez sanksiýalar sebäpli Eýrandaky köp sanly firmanyň fabrikdir zawodlaryny dürli ýurtlara göçürmäge synanşýandygyny, Wanyň hem şol firmalar üçin amatly ýerlerden biridigini ýatladyp, Eýrandaky köp sanly firma bilen mesele boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar