Türkiýe daşary ýurtly 87 müň adama iş rugsadyny berdi

Zähmet we sosýal üpjünçilik ministrligi tarapyndan geçen ýyl daşary ýurtly 87 müň adama iş rugsady berildi

910622
Türkiýe daşary ýurtly 87 müň adama iş rugsadyny berdi

Dünýäniň çar tarapyndan müňlerçe adam Türkiýede iş rugsadyny almak üçin Zähmet we sosýal üpjünçilik ministrligine ýüz tutdy.

2017-nji ýylda Türkiýede iş rugsadyny almak üçin ýüz tutan 100 müň adamdan 87 müňüne ýagny 90 göterime iş rugsady berildi.

Ministrligiň rugsady bilen geçen ýyl siriýaly 20 müň 970 adam Türkiýede işlemäge başlady.

Geçen ýyl Gürjistanly 7317, Gyrgyzystanly 6360, Ukrainaly 5761, Hytaýly 4288, Türkmenistanly 3847, Hindistanly 3055, Özbegistanly2465, Azerbaýjanly 2449 we Russiýaly 2390 adama iş rugsady berildi.

 



Degişli Habarlar