Türkmenistanyň Milli lideri Türkiyäniň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda edýän tagallalary sebäpli Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana minnetdarlyk bildirdi

2114167
Türkmenistanyň Milli lideri Türkiyäniň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi

TRT Habar kanalynyň soraglaryna jogap beren Türkmenistanyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiyäniň öz içinde we daşary ýurtlarda hormatlanýan, millionlarça tomaşaçysy bolan TRT Habar kanalyna beýannama bermekden hoşaldygyny, Türki dilli döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar bilen baglanşykly garaýyşyny giňişleýin beýan etmek mümkinçiliginiň bardygyny habar berdi. 

Türk halklarynyň köküniň birdigini aýdan Gurbanguly Berdimuhamedow: "Bu ýagdaý biziň özara gatnaşyklarymyza aýratyn many goşýar. Garaşsyz, özygtyýarly döwletler bolmagymyza garamazdan, umumy uzak möhletli maksatlarymyzyň we bähbitlerimiziň bardygyny ýatdan çykarmaýarys" diýip mälim etdi. 

Türkmenistanyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasyny Türki dilli ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýän bir gurama, geljegi uly we ygtybarly halkara hyzmatdaş hökmünde garaýandyklaryny beýan etdi. 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn üns berýändigi we duýgurlygy üçin Prezident Erdogana minnetdardygyny aýdan Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda özlerine Türkmen Halkynyň Hormatly il Ýaşulysy diýen ady dakmagy, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Türk dünýäsi üçin eden hyzmatlarynyň tassyklamasy häsýetinde boldy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar