Türkmenistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Geçiriler

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty 12-nji martda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler

2113569
Türkmenistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Geçiriler

Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ýaşulylarynyň gatnaşjak maslahatda Türkiyä Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrym wekilçilik eder. 

Maslahatda ozal kabul edilen kararlar ele alynar, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň artdyrylmak mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşylar. 

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty 15-nji gezek geçirilýär. 

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow myhmanlaryň iň ýokary derejede kabul edilmegi üçin kararnama gol çekdi. 

Türkmenistanyň Milli lideri we Il ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer eýeçiliginde geçiriljek maslahatyň çäginde Ýaşulylar geňeşiniň agzalaryna agzaçar nahary beriler, Gurhandan aýat-töwirler okalar. 

Geňeşiň maslahatyna guramanyň esasy agza ýurtlary bolan Türkiye, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen birlikde synçy ýurt bolan Wengriýa tarapyndan ugradyljak ýaşulylar gatnaşarlar. 



Degişli Habarlar