Türkmenistan-Owganystan Işewürler Forumy Geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan işewürler forumy geçirildi. Foruma Owganystanyň Senagat we söwda ministri Nureddin Aziziniň ýolbaşçylygynda 300-den gowrak wekil gatnaşdy.

2111741
Türkmenistan-Owganystan Işewürler Forumy Geçirildi
ürkmen-Afgan 2.jpeg
ürkmen-Afgan 3.jpeg
ürkmen-Afgan 4.jpeg

Azizi Türkmenistanyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhameedow bilen hem duşuşdy.

Türkmenistan goňşusy Owganystanyň jemgyýetçilik-ykdysady taýdan dikeldilmegi we halkara ulgama utgaşyklygy üçin tagallasyny dowam etdirýar. Türkmenistanyň Söwda we senagat birleşmesiniň sergi merkezinde owgan harytlary sergilendi, işewürler forumy geçirildi.

Forumda çykyş eden Owganystanyň Senagat we söwda ministri Nureddin Azizi Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini, Owganystanyň infrastrukturasyny bilelikde gurmak isleýändiklerini beýan etdi.

Myhman ministr  Türkmenistanyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhameedow bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan tebigy gaz we energetika geçiriji taslamasynyň başda durmagynda senagat desgalary we oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk üçin şertleriň bardygy beýan edildi.



Degişli Habarlar