“Owganystanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys”

Türkmen Lider: “Owganystanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys” diýip belledi

1714797
“Owganystanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys”
Türkmen Lider “Afganistan Hükümetiyle Yakın Çalışmaya Hazırız (2).jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Owganystanyň hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardyrys” diýip belledi.

TASS habarlar agentligine beýanat beren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, goňşy ýurt Owganystanda çylşyrymly ýagdaýyň başdan geçirilýändigini, ýurtdaky häkimiýet geçişiniň giň-gerimli gatnaşyk we milli dialog esasynda parahatçylykly ýagdaýda durmuşa geçirilmegini umyt edýändiklerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, daşary ýurtly harby güýçleriň Owganystanda çekilmeginden başlap ülkede tapawutly bir tapgyryň başlandygyny we täze bir hökümediň emele gelendigini aýan etdi. Ýurtdaky häkimiýet geçişiniň giň-gerimli gatnaşyk we milli dialog esasynda parahatçylykly ýagdaýda bolmagyny umyt edýändigini belledi.

Owganystanyň durnuklylygynyň we dowamly ykdysady galkynyşynyň hem sebitleýin hem-de dünýä ykdysady tapgyryna üstünlikli integrasiýasy bilen mümkin bolup biljekdigini habar berdi.

Şol çäkde Türkmenistanyň energetika, transport we aragatnaşyk ugurlarynda durmuşa geçirýän iri göwrümli taslamalar bilen Owganystana gönüden tebigy gaz we elektrik tok üpjünçiligini amala aşyrýandygyny, olara goşmaça ýagdaýda bolsa, diňe tebigy gaz tranzidi üçin ýurdyň býujetine 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak girdejiniň boljakdygyny, mundan başgada Owganystanda birnäçe müň täze iş orunlarynyň dörejekdigini mälim etdi. Şeýlelik bilen Owganystanyň ykdysady galkynyşyna güýçli itergi boljakdygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Owganystanda mekdepler we hassahanalar gurandygyny ýatlatdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň owgan halkyna dowamly häsýetde ynsanperwer kömek ugradýandygyny we şol ynsanperwer kömekleriň mundan soň hem dowam etjekdigini mälim etdi.

Owgan halkynyň ýurtlarynyň gelejegine garaşsyz ýagdaýda özleriniň karar bermeginiň gerekdigini aýdan türkmen lider, baý taryhy geçmişe eýe bolan Owganystanyň topraklarynda ýakyn wagtda parahatçylygyň we ylalaşygyň höküm sürjekdigine ynanýandygyny belledi.



Degişli Habarlar