Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalanýar

Türkmenistanyň Prezidenti gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy Oguz Han köşgünde garşylady

1666794
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalanýar
Türkmenistan ve Kırgızistan Arasında İşbirliği Artıyor 2.jpeg
Türkmenistan ve Kırgızistan Arasında İşbirliği Artıyor 3.jpeg
Türkmenistan ve Kırgızistan Arasında İşbirliği Artıyor 4.jpeg

Saparyň çäginde iki ýurdyň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň tebigy gazyny we elektrik toguny Gyrgyzystana eksport edilmegi babatynda deslapky ylalaşyk baglaşyldy.

Resmi sapar bilen Türkmenistana baran Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow üçin resmi dabara geçirildi. Milli senalar ýerine ýetirileninden soň, hormat garawulyna salam berildi. Garşylamak dabarasyndan soň, iki ýurdyň Döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler bilen bagly ikiçäk gepleşikler geçirdiler. Ondan soň bolsa toparara gepleşikler geçirildi.

Doganlyk Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçen ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, iki ýurdyň gatnaşyklary taýdan taryhda şu gün täze bir sahypanyň açyljakdygyny mälim etdi. Söwda kuwwadynyň artdyrylmagyna garamazdan ýeterlik derejede bolmandygyny aýdan türkmen lider, şol çäkde Türkmen-Gyrgyz hökümetara hyzmatdaşlyk komissiýasynyň işlerine uly ähmiýet berýändiklerini aýan etdi.

Myhman Prezident bolsa öz gezeginde gyrgyz wekiliýetini jomart türkmen topraklarynda türkmen doganlar tarapyndan mähirli ýagdaýda garşylanandygyny, Gyrgyzystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň ýakyn dost, startegik hyzmatdaş we doganlyk ýurtlardygyny beýan etdi. Türkmen liderini Gyrgyzystan Respublikasyna sapar guramaga çagyrdy.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary, energetika, transport, logistika we oba hojalyk pudaklary bilen bagly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Esasan hem Türkmenistandan Gyrgyzystana türkmen tebigy gazyny we elektrik toguny eksport etmegiň üstünde pikir alyşyldy we deslapky ylalaşyk baglaşyldy. Geçirilen gepleşiklerden soň maslahatlaşylan ugurlar boýunça resminamalara gol çekişildi.



Degişli Habarlar