Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Daşary işler ministrleriniň Üçtaraplaýyn 5-nji maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýä sapar gurar

1588116
Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Daşary işler ministrleriniň Üçtaraplaýyn 5-nji maslahaty geçiriler

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Raşid Meredow 23-nji fewralda sişenbe güni Türkiýä sapar gurar. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýä gurajak saparynda ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler barada pikir alyşmagyna garaşylýar. 

Raşid Meredowyň Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar. 

Beýanatda, saparyň çäginde Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň hem gatnaşmagynda Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Daşary işler ministrleriniň Üçtaraplaýyn 5-nji maslahaty geçiriler. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şeýle hem Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen ikiçäk duşuşyk geçirer. 

Beýanatda geçiriljek gepleşikleriň barşynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar we sebitleýin meseleler barada pikir alyşyljakdygy, şeýle hem ülkeleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has hem ösdürmek üçin ediljek ädimleriň ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn formatda ele alynjakdygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar