Prezident Erdogan saýlaw bilen bagly beýannama berdi

Prezident Erdogan ýerli saýlawlardan ýurt we millet üçin gowy netije çykmagyny umyt edýändigini beýan etdi

2122711
Prezident Erdogan saýlaw bilen bagly beýannama berdi

Prezident Erdogan we aýaly Emine Erdogan Stambulyň Üsküdar etrabynda ses berdiler. 

Raýatlar Erdogana ses beren mekdebinde gyzyklanma bildirdiler. 

Prezdent Erdogan ses bereninden soň beýannama berdi. 

Saýlaw tapgyrynda diýseň güýçli kampaniýa geçirendiklerini aýdan Erdogan: "Ýerli dolanşyklardan nesip bolsa ýurdumyz, mileltimiz üçin gowy netije çykar diýip pikir edýärin. Bu saýlaw biri-birine ýakyn tapgyrda täze bir döwürň başlangyjyna sebäp bolar. Bir tarapdan deputat we prezident saýlawy, beýleki tarapdan bolsa ýerli dolanşyk saýlawy olaryň ýurdumyzda nesip bolsa täze bir döwrüň, täze asyryň başlangyjyna sebäp bolmagyny dileýärin" diýip habar berdi. 

 



Degişli Habarlar