Ömer Çelik Ysraýylyň Premýer ministriniň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Ömer Çelik sosial media hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berdi

2113333
Ömer Çelik Ysraýylyň Premýer ministriniň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik Ysraýylyň Premýer miknistri Benýamin Netanýahunyň dolanşygynyň Türkiyäniň Prezident Rejep Taýýip Erdogana we Türkiyä garşy beren beýanatlaryna reaksiýa bildirdi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Bigünä adamlaryň durmuşyny köpçülikleýin nyşana alýan Netanýahunyň dolanşygynyň we gyrgynçylyk ulgamynyň Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogana we Türkiyä garşy beren beýanatlary ýok hökmündedir. Global wyždan Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki dolanşygyň sebit we dünýä parahatçylygy üçin emele getirýän howpy näletleýär. Ysraýylyň adamzada garşy edýän jenaýatlaryny ähli platformalarda aýtmaga dowam ederis. Ganhorlaryň jogap bermegi üçin göreşimizi dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar