Saýlawyň Netijesi Doganlyk Ýurt Azerbaýjan Üçin Düşümli Bolsun

Daşary işler ministrligi, Azerbaýjanda geçirlen prezident saýlawy hakynda ýazmaça beýannama berdi.

2099327
Saýlawyň Netijesi Doganlyk Ýurt Azerbaýjan Üçin Düşümli Bolsun

Türkiýe, prezident saýlawynyň  Azerbaýjanda basyp alyşlykdan halas edilen sebitler bilen birlikde asuda ýagdaýda geçirilmegine kanagatlanma bildirýändigini mälim etdi.

Daşary işler ministrligi, Azerbaýjanda geçirlen prezident saýlawy hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, saýlawyň netijesiniň doganlyk ýurt Azerbaýjan üçin düşümli bolmagy dilendi.

Beýannamada, “Saýlawlaryň basyp alyşlykdan halas edilen sebitler bilen birlikde tutuş Azerbaýjanda asuda ýagdaýda geçirilmegine kanagatlanma bildirýäris” diýildi.

Azerbaýjanda düýn geçirlen saýlawda 4 million 971 müň saýlawçy ses berdi. Saýlawa bolan gatnaşygyň 76,73 göterimdigi beýan edildi.

Saýlawda sesleriň 92,1 göterimini alan İlham Aliýew gaýtadan bu wezipä saýlandy.



Degişli Habarlar