Daşary Işler Ministri Fidan Maltada Saparda Bolar
Hakan Fidan, fewral aýynyň 5-6-sy aralygynda Maltada saparda bolar
Daşary işler ministri Hakan Fidan, fewral aýynyň 5-6-sy aralygynda Maltada saparda bolar.
Daşary işler ministrligi, Hakan Fidanyň Malta gurajak resmi sapary hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, fewral aýynyň 5-6-sy aralygynda Maltada saparda boljakdygy nygtaldy.
Beýannamada, saparyň çäginde özara gatnaşyklar we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary bilen birlikde aktual sebitara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenildi.
Ministr Fidanyň resmi saparynyň çäginde Maltanyň Prezidenti Wella we Premýer-ministri Abela tarapyndan kabul ediljekdigi ýatladyldy.
Degişli Habarlar
Türkiýe, Owganystana Ynsanperwer Kömegini Berdi
24 tonnalyk ynsanperwer kömegi azyk hatyrlaryndan we lukmançylyk enjamlaryndan ybarat.
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi
Çärede şehitler üçin hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senagasy ýerine ýetirildi.