Türkiýe, Owganystana Ynsanperwer Kömegini Berdi

24 tonnalyk ynsanperwer kömegi azyk hatyrlaryndan we lukmançylyk enjamlaryndan ybarat.

2141005
Türkiýe, Owganystana Ynsanperwer Kömegini Berdi

Owganystanda sil apatynda ejir çekenler üçin Türkiýeden ugradylan 24 tonnalyk ynsanperwer kömegi Mazary Şerif howa menziline bardy.

Türkiýe tarapundan taýarlanan ynsanperwer kömegini alyp giden Türk howa güýçlerine degişli ýük uçary Owganystanyň demirgazygyndaky Mazary Şerif howa menziline gondy.

24 tonnalyk ynsanperwer kömegi azyk hatyrlaryndan, derman we lukmançylyk enjamlaryndan ybarat.

Maý aýynyň 10-11-i aralygynda aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil Badahşan, Tahar we Baglan welaýatlaryndaky 21 etraba zeper ýetirdi.

Sil sebäpli 300-den gowrak adam ýogaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar