“Halkyň Ylham Çeşmesi Bolduň”

Gezerawjy ilkinji gezek Prezident Erdogan bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

2092088
“Halkyň Ylham Çeşmesi Bolduň”

Prezident R. T. Erdogan, astronawt Alper Gezerawjynyň, halkyň ylham çeşmesi bolandygyny aýtdy.

Türkiýe, ilkinji türk astronawty Alper Gezerawjynyň älem giňişligi ýolagçylygy bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Türkiýäniň milli astronawtly älem giňişligi meýilnamasyny amala aşyrmak üçin Halkara emeli hemra bekedine giden Gezerawjy, Türkiýe bilen azyndan 7 gezek aragatnaşyk saklar.

Gezerawjy şol çäkde düýn ilkinji gezek Prezident Erdogan bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Astronawt Alper Gezerawjy, “Ylmy barlaglaryma başladym. Ähli barlaglarymy tamamlap, netijelerini bellige alaryn. Halkara emeli hemra bekediniň şertlerine öwrenişdim. Barlaglarymy göz öňünde tutuşym ýaly dowam etdirýärin” diýdi.

Prezident Erdogan hem Gezerawja, “Milli älem giňişligi meýilnamamyzyň çäginde amala aşyrýan bu möhüm wezipäň bilen çagalarymyzyň we ýaşlarymyzyň başda durmagynda ähli halkymyzyň ylham çeşmesi bolduň” diýip jogap berdi.

Türkiýäniň astronawtly ilkinji älem giňişligi missiýasy hakynda durup geçen Prezident Erdogan, “Seniň saparyň bilen birlikde älem giňişligi taýdan täze döwür başlady” diýdi.



Degişli Habarlar