Soňky bir hepde-de 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Soňky bir hepde-de geçirilen operasiýalarda 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2140461
Soňky bir hepde-de 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi hepdelik metbugat maslahatynda, terrora garşy göreş bilen bagly soňky maglumatlary paýlaşdy. 

Şoňa laýyklykda soňky 1 hepdede 47 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1 müňe golaýlady. 

Mundan başgada geçen hepde Yragyň demiragzygyndaky gaçybatalgalaryndan gaçan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Haburdaky serhet birikmesine baryp boýun egdi. 

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde dowam edýän gözleg we saplaýyş işleriniň çäginde terrorçylara degişli 4 otagly 1 gowak tapyldy. 

Penje-Gulp operasiýasynde şu günki güne çenli 931 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Operasiýalarda tapawutly kalibrde 1970 ýarag we 837 müň 630 ok-däri ele salyndy, 2 müň 741 mina we elde ýasalan partlaýjy anyklandy we ýok edildi, 1021 gowak we gaçybatalga ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi. 


Etiketkalar: #Yrak , #PKK , #terrorçy , #Türkiye

Degişli Habarlar