Türkiyäniň Daşary işler ministri: "Iň erbet zat, günbatar ýurtlarynyň düýbünden dymmagydyr"

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan: "Iň erbet zat Ysraýyla täsir edip bilýän Günbatar ýurtlarynyň Gazadaky wagşyçylygyň öňünde düýbünden dymmagydyr" diýip belledi

2065277
Türkiyäniň Daşary işler ministri: "Iň erbet zat, günbatar ýurtlarynyň düýbünden dymmagydyr"

Daşary işler ministri Hakan Fidan Bosniýa-Gersegowinanyň Daşary işler ministri Elmedin Konakowiç bilen Daşary işler ministrliginde geçiren duşuşygyndan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda beýanat berdi. 

Kärdeşi bilen Ysraýylyň Gazadaky wagşyçylygyny ele alandyklaryny aýdan Hakan Fidan: "Gazadaky bikanun gabawyň, adamkärçiliksiz hüjümleriň henizem dowam etmegi utandyryjydyr" diýip nygtady. 

Hakan Fidan: "Iň erbet zat Ysraýyla täsir edip bilýän Günbatar ýurtlarynyň Gazadaky wagşyçylygyň öňünde düýbünden dymmagydyr" diýip habar berdi. 

Günbatar dünýäsine ahlak gymmatlyklaryna eýe çykmak, Gazada aç-açan edilýän adamzada garşy jenaýatyň tarapdary bolmazlyk barada çagyryş beren Hakan Fidan: "Ysraýylyň Gazadaky kanunsyzlygy, asuda ilaty köpçülikleýin nyşana almagyna garşy dymmak, dünýäniň beýleki ýerlerinde hem kanunlaryň bozulmagyna ýaşyl yşyk ýakylandygy manysyny berýär" diýip beýan etdi. 

Hakan Fidan Türkiyäniň bu gyrgynçylygyň durmagy we bu wagşyçylygyň bes edilmegi üçin giň gerimli tagalla edýändigini belledi. 



Degişli Habarlar