Hakan Fidanyň Gaza bilen bagly diplomatik tagallalary dowam edýär

Türkiyäniň Gazadaky adamzat pajygasynyň bes edilmegi bilen bagly diplomatik tagallalary dowam edýär

2060537
Hakan Fidanyň Gaza bilen bagly diplomatik tagallalary dowam edýär

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Daşary işler ministri Hakan Fidan müsürli we iordaniýaly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şükri we Iordaniýanyň Daşary işer ministri Eýmen Safedi bilen aýry-aýry gürrüňdeş bolunan telefon söhbetdeşliginde Gazadaky asuda ilatyň nyşana alynýan hüjümleriň bes edilmegi we ýaraşygyň üpjün edilmegi üçin nämeleriň edilip bilinjekdigi babatynda pikir alyşylandygy habar berildi. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň müsürli kärdeşi Samih Şükri bilen Gaza ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýagdaýda ýetirilmegi bilen baglanşykly tagallalaryň ele alynandygy mälim edildi. 

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny habar beripdi. 

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza garşy "Demir Gylyçlar" operasiýasynyň başladylandygyny mälim edipdi. 

Başdan geçirilýän hadysalar sebäpli taraplaryň ikisinden hem müňlerçe adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar