Türkiýe, Ysraýyldaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Ysraýylyň asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi sebäpli ilçisi Şakir Özkan Torgunlar Ankara çagyryldy.

2060329
Türkiýe, Ysraýyldaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Türkiýe, Ysraýylyň hüjümleriň bes edilmegi barada berlen çagyryşlara gulak asmazdan asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi sebäpli, Tel-Awiwdäki ilçisi Şakir Özkan Torgunlary meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin paýtagt Ankara çagyrdy.

Daşary işler ministrliginden mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada, “Ysraýylyň hüjümleriň bes edilmegi barada berlen çagyryşlara gulak asmazdan asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi, asuda ilata yzygiderli ynsanperwer kömeginiň berilmegine rugsat bermeýändigi sebäpli Gazada başdan geçirilýän adamzat pajygasy nazarda tutulyp, Türkiýäniň Tel-Awiwdäki ilçisi Şakir Özkan Torgunlaryň meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin paýtagt Ankara çagyrylmagy barada karar kabul edildi” diýildi.

Hamasyň ýaragly Kassam atly topary, 7-nji oktýrda ir ertir, Ysraýyla garşy hüjüm başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem şol günden bäri Gaza sektoryny bombalamaga dowam edýär.

Hüjüm sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar