Prezident Erdogan Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Sunak bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Rişi Sunak bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2051641
Prezident Erdogan Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Sunak bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary, parahatçylygyň sebitde ýola goýulmagy üçin amala aşyrylmaly syýasatlar we agyr ynsanperwer krizisiň çözgüdi bilen bagly gyssagly çäreler ele alyndy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň Gazadaky adam hukuklary düzgün bozmasyna garşy, Günbatar ýurtlary başda bolmak bilen halkara jemgyýetiň netijeli çäreler görmelidigini, krizisi çuňlaşdyrýan öjükdijiri ädimleriň ýerine, eýýäm ençeme ýyl bäri Palestina berilen emma ýerine ýetirilmeýän wadalaryň ýatlanmagy we zerur bolan çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini beýan etdi. 

Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny habar beripdi. 

Gazadan Ysraýyla tarap müňlerçe raketa atylan bolsa, ýaragly toparlar hem sebitdäki ýaşaýyş ýerlerine giripdi. 

Ysraýylyň goşuny harby uçarlary bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapdan hem müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar