Nahýan Erdogan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýed Al Nahýan paýtagt Ankaradaky terror hüjüminden soň Prezident R.T.Erdogana telefon edip, ýurdunyň Türkiýe bilen arkalaşýandygyny beýan etdi.

2044765
Nahýan Erdogan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

BAE-niň resmi habarlar gullugy “WAM-yň” habar bermegine görä Al Nahýan Ankaradaky terror hüjüminden soň Prezident R.T.Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Al Nahýan telefon söhbetdeşliginde BAE-niň Türkiýe we doganlyk türk halky bilen arkalaşýandygyny nygtady.

BAE-niň döwlet Ýolbaşçysy Al Nahýan terrorizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşmek üçin halkara derejesinde bilelikde tagalla edilmelidigini aýtdy.

Hüjümde ýaralanan howpsuzlyk güýçlerine şypa dilän Al Nahýan, Türkiýä we doganlyk türk halkyna gowy dileglerini ýetirdi.

 



Degişli Habarlar