"Bosniýa-Gersegowina Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Gatnaşyklar Pajarlap Ösýär"

Bosniýa-Gersegowinanyň Goranmak ministri, ýurdy bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pajarlap ösýändigini aýtdy.

2025114
"Bosniýa-Gersegowina Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Gatnaşyklar Pajarlap Ösýär"

 

Bosniýa-Gersegowinanyň Goranmak ministri Zukan Helez, ýurdy bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pajarlap ösýändigini aýtdy.

Bosniýa-Gersegowinanyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, ministr Helez, Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowinadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sadyk Babür Girgini kabul etdi.

Bosniýa-Gersegowinanyň Goranmak ministri Helez, geçen aý Türkiýede geçirlen Halkara goranyş sergisi IDEF-2023-e gatnaşandygyny we Türkiýe saparda bolmakdan hoşal bolandygyny belledi.

Bosniýa-Gersegowina bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pajarlap ösýändigini aýdan Heles, Türkiýäniň ýurdunyň NATO agzalygyna goldaw bermeginiň özleri üçin diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkiýäniň Bosniýa-Gersegowinadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sadyk Babür Girgin hem harby maliýe taslamalary bilen birlikde Bosniýa-Gersegowina ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar