Ömer Çelik "Atatürk" teleserialynyň ýatyrylmagyna reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň Metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, merkezi ABŞ-da ýerleşýän teleserial/kino-film platformasynyň "Atatürk" teleserialyny ýatyrmagyna reaksiýa bildirdi

2019180
Ömer Çelik "Atatürk" teleserialynyň ýatyrylmagyna reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň Metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, merkezi ABŞ-da ýerleşýän teleserial/kino-film platformasynyň "Atatürk" teleserialyny ýatyrmagyna reaksiýa bildirdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň Metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Merkezi ABŞ-da ýerleşýän teleserial/kino-film platformasynyň ermeni lobbisiniň basyşyna boýun egip, Atatürk teleserialyny ýaýlymdan aýyrmagy utandyryjy hadysadyr. Platformanyň şol çemeleşmesi Türkiye Respublikasynyň gymmatlyklaryna we milletimize hormatsyzlykdyr. Ozal tapawutly ýollar bilen belläp geçişimiz ýaly, ABŞ-daky toslama gyrgynçylyk tory, taryhy wakalary ýalançylyk syýasaty üçin ulanýar. Bu lobbiniň ýeke täk maksady, ençeme gezek şaýat boluşymyz ýaly Türkiye-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagynada päsgel berýär. Şol toryň alyp barýan işleri Atatürkiň we Türkiye Respublikasynyň öňünde ýok hökmündedir. Bu tora boýun egýänler utansyn" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar