“NATO-nyň Liderler Maslahatynda Möhüm Kararlar Kabul Edildi”

Erdogan “Ýurdumyzyň bähbitlerini, halkymyzyň hak-hukuklaryny ähli platformada goramaga dowam ederis"diýdi.

2010566
“NATO-nyň Liderler Maslahatynda Möhüm Kararlar Kabul Edildi”

Prezident R. T. Erdogan, Litwanyň paýtagty Wilnýusda geçirlen NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň möhüm kararlaryň kabul edilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Erdogan, NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, Wilnýus maslahatynyň üstünlikli ýagdaýda tamamlanandygyny, maslahatyň NATO-nyň ýüzöwürdijilik syýasatynyň artdyrylmagy bilen birlikde, terrora garşy göreş, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby we Türkiýä goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi boýunça möhüm kararlaryň kabul edilmegine sebäp bolandygyny belledi.

Prezident Erdogan “Ýurdumyzyň bähbitlerini, halkymyzyň hak-hukuklaryny ähli platformada goramaga dowam ederis. Ýakyn gelejekde amala aşyryljak işleriň Türkiýäniň rolyny, güýjüni we täsirini has-da artdyrandygyny birlikde göreris” diýdi.



Degişli Habarlar