Ýene-de 4 Terrorçy Boýun Egdi

"Terrorçylar üçin ýeke-täk çykalga, Türk adalaryna boýun egmek bolar”

2003351
Ýene-de 4 Terrorçy Boýun Egdi

 

Yragyň demirgazygyndaky terror düşelgelerinden gaçan terror guramasy PKK-ly ýene-de 4 terrorçy Haburdaky we Silopidäki gümrük geçelgelerinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

Milli Goranmak ministrligi, Penje operasiýalary bilen uly zarba urlan terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçýanlaryň sanynyň köpelýändigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda “Yragyň demirgazygyndaky düşelgelerinden gaçan PKK-ly ýene-de 4 terrorçy Haburdaky we Silopidäki gümrük geçelgelerinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. Terrorçylar üçin ýeke-täk çykalga, Türk adalatyna boýun egmek bolar” diýildi

 



Degişli Habarlar