Akar: "Terror gutaransoň, halkyň hal-ýagdaýy hasam gowlanar" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "Ozalky ýyllarda Gabar sebitinde terrorçylar bar bolan bolsa, indi bolsa nebit nirden çykar, nirden geçiriler nokadyna geldik. Şol ugurdaky işlerimiz bilen ony has hem özgerderis" diýdi

1990042
Akar: "Terror gutaransoň, halkyň hal-ýagdaýy hasam gowlanar" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, düýn paýtagt Ankara şäherinde beren beýanatynda, terrora garşy göreşde ýetilen sepgit barada beýanat berdi. 

"Terror gutaransoň, halkyň hal-ýagdaýy hasam gowlanar" diýip aýdan Hulusi Akar: "Onuň iň aýdyň mysaly Gabar. Ozalky ýyllarda Gabar sebitinde terrorçylar bar bolan bolsa, indi bolsa nebit nirden çykar, nirden geçiriler nokadyna geldik. Şol ugurdaky işlerimiz bilen ony has hem özgerderis" diýip mälim etdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam edýändigini, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 37 müň 886 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, soňky 1 aýda bolsa täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 126-a ýetendigini habar berdi. 

Terrorçylaryň barlygy dowam etdigi saýyn göreşiň hem dowam etjekdigini aýdan Hulusi Akar, serhetleriň Respublika taryhynyň iň giň gerimli çäreler bilen goralýandygyny, soňky 5 ýylyň içinde serhetlerden bikanun ýagdaýda geçmäge synanyşan 3 million 300 müň adamyň öňüniň alynandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar