2015-nji Ýylyň 24-nji Iýulyndan Bäri 37 Müň 860 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Akar, türk esgerleriniň Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terrorçylaryň hinlerini derbi dagyn edýändigini belledi.

1988981
2015-nji Ýylyň 24-nji Iýulyndan Bäri 37 Müň 860 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň demirgazygynda 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Akar Stambulda geçirlen Terrora garşy göreş we Siriýa temaly konferensiýada eden çykyşynda, güýçli Türkiýäniň öňündäki iň uly bökdençliklerden biri bolan terrora garşy göreşiň egilşiksiz dowam edýändigini aýtdy.

Akar, türk esgerleriniň Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda terrorçylaryň hinlerini derbi dagyn edýändigini belledi.

Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy göreşiň dowam etjekdigini aýdan Akar “Mehmetçik, terrorçylary gazan çukurlaryna, gowaklaryna gömmäge dowam edýär. 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 37 müň 860 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ýene-de 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Yragyň demirgazygyndaky terror öýjüklerine garşy başladylan “Penje” operasiýalarynyň üstünlikli dowam edýändigini nygtan Akar, Garada, Zapda, Hakurkda, Metinada, Awaşin Basýanda terror öýjükleriniň ýeke-ýekeden terrorçylaryň başlaryna ýykylandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar