“Yragyň Demirgazygynda Zapda we Garada Terrorçylar Gan Aglaýar”

Akar, ertir Sakarda Arifiýede öndürlen Türkiýäniň ilkinji milli tanky Altaýy kabul edip aljakdyklaryny aýtdy.

1977992
“Yragyň Demirgazygynda Zapda we Garada Terrorçylar Gan Aglaýar”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, “Yragyň demgazygynda Zapda we Garada terrorçylar gan aglaýar. Dowla düşdüler” diýdi.

Akar, Kaýseride beren beýannamasynda, terrora garşy ýurduň içinde we serhetaşa alnyp barylýan operasiýalaryň egilşiksiz dowam edýändigini nygtap “Mehmetçik Yragyň demirgazygyndaky terror düşelgelerini derbi-dagyn edýär. Şehitlerimiziň ganyny ýerde goýmadyk we goýmarys. Yragyň demgazygynda Zapda we Garada terrorçylar gan aglaýar. Dowla düşdüler, ortadan aýrylar” diýdi.

Türkiýäniň senagatyndan syýahatçylyk pudagynda, medeniýetden sungada çenli birnäçe ugurda gün saýyn ösýändigini aýdan Akar, esasan goranyş senagaty pudagy boýunça edilen öňe gidişligiň diýseň möhümdigini belledi.

Ministr Akar, beýannamasynda ertir Sakarda Arifiýede öndürlen Türkiýäniň ilkinji milli tanky Altaýy kabul edip aljakdyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar