Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi

Mewlüt Çawuşogly Türkiyäniň Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna gelendigini habar berdi

1976989
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yspartada eden çykyşynda, Türkiýäniň sebitleýin energiýa merkezine öwrülendigini belläp: "Biz global bir güýç bolmak isleýäris. Bir tarapdan özümiziň öndürýänlerimiz, beýleki tarapdan bolsa Türkiyäniň üstaşyr geçýän turba geçiriji liniýalar bilen, Türkiyedäki stansiýalar bilen, terminallar bilen dünýäniň dürli künjeginden tankerler bilen getirilip, häzirki wagtda Ýewropa we Balkan ýurtlaryna tebigy gaz satmaga başladyk. Dünýäniň energiýa üpjünçiliginde esasan hem Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik. Azerbaýjan bilen birlikde, Türkmenistan bilen hem şolar ýaly görnüşde we beýleki doganlyk ýurtlar bilen" diýip habar berdi. 

Türk dünýäsiniň has güýçli bolmagyny isleýändiklerini aýdan ministr Çawuşogly, hiç kim bilen bäsleşmeýändiklerini, emma Türk dünýäsiniň dünýädäki abraýynyň has uly bolmagynyň zerurdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar