Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Bu barasynda Milli goranmak ministri Hulusi Akar öz beýannamasynda aýtdy.

1976232
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Ministr Akar Siriýanyň demirgazygyndaky harby bazalaryň ýerleşýän zolagynda guralan hüjümden soň geçirilen operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 12-ä ýetendigini beýan etdi.

Ministr Akar Kaýseri welaýatynda beren beýannamasynda türk goşunlarynyň “terrory ýerinde ýok etmek” strategiýasy bilen terrorizme garşy göreşini egilşiksiz dowam etdirýändigini nygtady.

Milli goranmak ministri Hulusi Akar, Siriýanyň demirgazygynda terrorçylar tarapyndan peýdalanylmak islenen “terror geçelgesiniň” türk esgerleri tarapyndan ýumrulandygyny, terrorçylaryň gazan çukuryna gömülendigini aýtdy.

Akar, Siriýanyň demirgazygynda düýn guralan hüjümi ýatladyp; “Türk esgeri dessine degişli gaýtawuly görkezdi. Hem “Ýefrat Galkany” hem “Zeýtun Şahajygy” operasiýa zolaklarynda gelen maglumatlara görä 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Soňky terrorçy ýok edilýänçä göreşimiz dowam eder” diýdi.

 



Degişli Habarlar