Prezident Erdogan Diýarbakyrda Agzaçara Gatnaşdy

Erdogan ýer titremelerinde 50 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny aýtdy.

1975206
Prezident Erdogan Diýarbakyrda Agzaçara Gatnaşdy

Prezident R. T. Erdogan Dyýarbakyrda agzaçarda eden çykyşynda, soňky üç ýylda, koronawirus epidemiýasyndan soň, 6-njy fewralda bolan ýer titremeleri sebäpli remezan aýyny gam-gussaly ýagdaýda geçirýändiklerini belledi.

Erdogan ýer titremelerinde 50 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny aýtdy.

Yzly yzyna bolan ýer titreme betbagçylygynyň göwrümini söz bilen gürrüň bermegiň mümkin däldigini aýdan Erdogan “Alymlar Kahramanmaşarda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerini asyryň tebigy betbagtçylygy hökmünde kesgitleýär. Şol gijani başdan geçirenler we ýer titremeleriniň yzy ýanyndan sebite gelenler asyryň tebigy betbagçylygy sözüniň  doly kabul edýär” diýdi.

Erdogan agyr gyş şertleri we ýer titemäniň 11 welaýata şol bir wagtda täsirini ýetirendigi sebäpli işleriň kynlaşandygyny emma döwlet hökmünde ähli mümkinçiliklerinden peýdalanandyklaryny belledi.

Prezident Erdogan, terrora garşy alnyp barylýan üstünlikli göreş hakynda hem maglumat berdi.



Degişli Habarlar