Kalyn Ak Tamda Salliwan we Nuland Bilen Duşuşdy

Duşuşyklarda Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary, sebitara we global meselelerde pikir alyşyldy.

1959896
Kalyn Ak Tamda Salliwan we Nuland Bilen Duşuşdy
ibrahim kalin abd'de.jpg
victoria nuland-ibrahim kalin.jpg

Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça Geňeşçisi Jeýk Salliwan we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Syýasy işlerden jogapkär orunbasary Wiktoria Nuland bilen duşuşdy.

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannamada; “ABŞ-da Ak Tamda we Döwlet sekretarlygyndan geçirilen duşuşyklarda, ABŞ-nyň we halkara jemgyýetçiliginiň ýer titreme betbagtçylygynda ýurdumyza beren goldawyna hem-de arkalaşygyna kanagatlanma bildirildi. Ýer titremäniň bolan sebitiniň gysga möhletde dikeldilmegi we gaýtadan gurulmagy üçin Türkiýäniň degişli tagalla edýändigini” nygtaldy.

Duşuşyklarda Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň strategik tarapyna üns çekilendigi, iki ýaran ýurduň iki taraply sarpa goýmagyň we bähdibiň esasynda global hem-de sebitleýin meselelerdäki hyzmatdaşlygynyň dowam etmeginiň möhümdigi bellenildi.

Beýannamada Türkiýäniň NATO-nuň açyk gapylar syýasatyny goldaýandygy, Üçtaraplaýyn ähtnama laýyklykda Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň wadalarynda durmagynyň netijä ýetilmegi taýdan möhümdigi nygtaldy.

Duşuşykda Russiýa-Ukraina söweşiniň uzamagynyň sebitleýtin we global durnuksyzlygy çuňlaşdyrjakdygyna üns çekilendigi, Türkiýäniň çözgüt üçin diplomatik tagallalaryny dowam etdirjekdigi beýan edildi.

Beýannamada aýratynam galla eksporty hakyndaky ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagynda Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasyna üns çekilendigi bellenilip; “Türkiýäniň PKK/PÝD/ÝPG, DEAŞ we Fetullahçy terror guramasy ýaly ähli terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşiniň dowam etjekdigi nygtaldy” diýilýär.

Ak Tamdan berilen beýannamada-da Kalyn bilen Salliwanyň özara gatnaşyklaryň ýany bilen sebitleýin we global meselelerde pikir alyşandyklary mälim edildi.

 



Degişli Habarlar