Ibrahim Kalyn ABŞ-da saparda bolýar

Kalyn, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ABŞ-nyň Söwda palatasy tarapyndan geçirilen ABŞ-Türkiye Işewürler forumyna gatnaşdy

1959206
Ibrahim Kalyn ABŞ-da saparda bolýar

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, energiýadan migrasiýa, terrora garşy göreşden Ukrainadaky söweşe çenli dünýäde başdan geçirilýän kynçylyklaryň ählisiniň indi eriş-argaç bolandygyny, şol sebäpli Türkiye bilen ABŞ-nyň arasynda has uly geosyýasy strategik diýaloga zerurlygyň bardygyny habar berdi. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ABŞ-nyň Söwda palatasy tarapyndan geçirilen ABŞ-Türkiye Işewürler forumyna gatnaşdy. 

Çykyşynda Ibrahim Kalyn 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriň Türkiyäniň taryhynyň iň erbet, döwrebap taryhyň hem bellige alynan iň elhenç ýer titremeleriniň biridigini habar berdi. 

Ibrahim Kalyn Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýer titremelerde zyýan çeken adamlara bir ýylyň içinde 200 müň ýaşaýyş jaýynyň guruljakdygy barada söz berendigini ýatlatdy. 

Ibrahim Kalyn Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy babatynda Türkiyäniň çemeleşmesi bilen bagly hem şol iki ýurduň Türkiyäniň howpsuzlyk aladalaryny ortadan aýyrmak üçin ädimler etmekleriniň gerekdigini nygtap, mundan başgada ABŞ-nyň F-16 harby uçarlarynyň berilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy tapgyryny hem şol meselä getirmegini hem "dolulygyna manysyz, kabul edilmesiz we netijesiz" hökmünde häsýetlendirdi. 

Sebitindäki energiýa turba geçirijilerinden gün tertibiniň ileri tutulýan wakalara çenli Türkiyäniň esasy aktýor ýagdaýyndadygyna ünsleri çeken Ibrahim Kalyn, Türkiyäniň ýüz öwrülmesiz bir ýurt hökmünde sebitindäki ähli taslamalarda hasaba alynmalydygyny beýan etdi. 

Ibrahim Kalyn iki ýurduň geosyýasy global bähbitleri we şol bir wagtda NATO-daky gatnaşyklarynyň ähmiýeti bilen bagly ABŞ-nyň Kongresiniň agzalarynyň Türkiyä has köp sapar guramaklaryna garaşýandyklaryny belläp, ABŞ-nyň işewür dünýäsine hem iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny artdyrmaklary barada çagyryş berdi. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn: "Türkiyede işewür dünýä üçin dostlukly bir gurşaw bardyr we maýa goýan herkim hemişe bir zatlar gazanar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar