Çawuşogly Diýarbakyrda ýer titremede zyýan çeken adamlar bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly döwlet millet hyzmatdaşlygynda ýer titremäniň ýaralaryny bejerjekdiklerini habar berdi

1954852
Çawuşogly Diýarbakyrda ýer titremede zyýan çeken adamlar bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogl Diýarbakyrdaky çadyr şäherçesinde ýer titremede zyýan çeken adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Mewlüt Çawuşogly raýatlaryň mätäçlik çekýän her dürli işiň ýerine ýetirilýändigini we mundan soň ediljek ädimler bilen baglanşykly işleriň hem sazlaşyk içinde alynyp barylýandygyny mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly zyýan ýeten ýerleriň anyklanmagy işleriniň şäheriň merkezlerinde tamamlanyp barýandygyny, täze ýaşaýyş jaýlaryň guruljak ýerleriniň kesgitlenilendigini we derňew işleriň hem tamam bolup barýandygyny beýan etdi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýaşaýyş jaýlaryň ählisiniň 1 ýylyň içinde raýatlara beriljekdigi baradaky sözüni ýatlatdy. 

Mewlüt Çawuşogly: "Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy tamamlanýança çenli raýatlarymyzy mätäçlik çekýän zatlary bilen üpjün etmek döwlet hökmünde wezipämizdir" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Döwlet millet hyzmatdaşlygynda ýer titremäniň ýaralaryny bejeris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar