Erdogan Antalýada geçirilýän THÝ-nyň Ýolbaşçylarynyň sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan Türk Howa Ýollarynyň rekordlar bilen gadam basan 2023-nji ýyly täze rekordlar bilen tamamlajakdygyny umyt edýändigini habar berdi

1934402
Erdogan Antalýada geçirilýän THÝ-nyň Ýolbaşçylarynyň sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan  Antalýada geçirilýän THÝ-nyň Ýolbaşçylarynyň sammitine wideo ýüzlenme ugratdy.

Dünýäniň soňky 3 ýyl bäri koronawirus epidemiýasy bilen başlan, ondan soň bolsa sebitdäki çaknyşyklar bilen dowam eden agyryly tapgyrdan geçýändigini aýdan Prezident Erdogan, şol tapgyryň iň köp ýaramaz täsir ýetiren pudaklarynyň başynda awiasiýanyň gelýändigini belledi. 

"Türkiye epidemiýanyň saglyk bilen bagly ugruny nähili ýagdaýda üstünlik bilen dolandyran bolsa, awiasiýa we ýük daşamak ugrunda hem oňyn sepgitlere ýetdi" diýip aýdan Prezident Erdogan, THÝ wagtynda gören çäreleri we epidemiýa tapgyrynda durmuşa geçiren innowasiýa gollanmalarynyň saýasynda krizisiň hötdesinden iň az zyýan bilen gelendigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan 2021-nji ýylyň ýaralaryň bejerilen ýyly hökmünde bellige alynandygyny, 2022-nji ýylyň awiasiýada rekordlaryň täzelenen ýyly bolandygyny aýan etdi. 

Erdogan Stambul we Antalýa başda bolmak bilen ýurduň howa menzillerindäki ýolagçylaryň sanynyň onuň açyk ýagdaýdaky subutnamasydygyny belledi. 

"THÝ hökmünde soňky 20 ýylda ganatlarymyzy 5 materikdäki 129 ýurda giňeldip, ýurdumyzyň iň gymmatly markasy bolduňyz. THÝ-ny dünýäniň iň gymmatly ilkinji 10 howa ýollary kärhanasynyň biri ýagdaýyna getirip, bizi buýsandyrdyňyz. Her biriňizi çeken zähmetleriňiz we eden tagallalaryňyz mynasybetli gutlaýaryn" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan ekipaždan başlap tehniklere, satuw toparlaryndan ofisiň işgärlerine çenli THÝ maşgalasynyň ähli agzalaryna üstünlik arzuw edip: "Rekordlar bilen giren 2023-nji ýyly siziň hem tagallalaryňyz bilen nesip bolsa täze rekordlar bilen tamamlajakdygyňyzy umyt edýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar