Türkiýäniň Ysraýyldaky Ilçisi Ynanç Hatyny Gowşurdy

Dabarada döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň Torunlar, ynanç hatyny Gersoga gowşurdy.

1931267
Türkiýäniň Ysraýyldaky Ilçisi Ynanç Hatyny Gowşurdy

Türkiýäniň Tel Awiwdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şakir Özkan Torunlar, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersoga ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi Torunlar, Gersog tarapyndan Günbatar Ierusalymda ýerleşýän Prezidentiň köşgünde dabaraly ýagdaýda kabul edildi.

Dabarada döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň Torunlar, ynanç hatyny Gersoga gowşurdy.

Türkiýe bilen Ysraýyl özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin 2022-nji ýylyň dowamynda birnäçe başlangyç edilipdi.

Ysraýylyň Prezidenti Gersogyň mart aýynda paýtagt Ankara guran saparyndan soň, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maý aýynda Ysraýylda saparda bolupdy.

Ysraýylyň ozalky Premýer-ministri Lapid hem iýun aýynda Türkiýä gelipdi.

Türkiýe bilen Ysraýyl 17-nji awgustda diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi we iki ýurduň birek birege ilçi bellemegi barada karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar